SOŇKY HABARLAR
Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary
2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabada iki günlük iş sapary bilen geldi. 6-njy martda saparynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Soňra Türkiýe Respublikasynyň Daşary işle...
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji Sammitine gatnaşdy
2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 14-nji Sammitine gatnaşdy. 2021-nji ýylda YHG-da başlyklygyň Türkmenistana geçendigini bellemek zerurdyr. “Pandemiýadan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” atly tema boýunça geçirilen bu Sammite YHG-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet we Hökümet Baştutanlary hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Energetika Hartiýasynyň w...
Aşgabatda «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi
2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Birleşen Milletler Guramasynyň mundan 29 ýyl ozal, ýagny 1992-nji ýylyň 2-nji martynda taryhy Kararnamany kabul edendigini, oňa laýyklykda Türkm...
BMG-niň Baş Sekretarynyň Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşyjylara ýollan ýüzlenmesi
2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokar...
«Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň barşynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Şu gün, 2-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat öz işine başlady. Çäräniň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasyn...
Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly
Şu gün, 2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn formatynda duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler. 2020-nji ýylda amala aşyrylan bilelikdäki...
Ankarada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi
2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkiýäniň paýtagtynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe üçtaraplaýyn formatynyň çäklerinde Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň, Jeýhun Baýramowyň hem-de Mewlüt Çawuşoglunyň duşuşygy geçirildi. Taraplar ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag-logistika ulgamlarynda, şeýle-de ýokary tehnologiýalar ugrunda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Diplomatlar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuş...