SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Mazari-Şerifdäki Baş konsuly Balh welaýatynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi
Şu gün, 18-nji awgustda Türkmenistanyň Mazari-Şerif şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Oňyn hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda öz işini amala aşyrmagy bilen bagly bolan anyk meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk häsiýete eýe bolup, dostluk hem-de hoşn...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny ýurduň diplomatik gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri döwlet serhediniň goraglylygy, gümrük, sanitar, fitosanitar we ýükleriň serhet üstünden geçirilmeginde amal edilýän barlagyň hem-de gözegçiligiň gaýry görnüşleriniň meseleleri babatynda «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary saklaýarlar. Şu nukdaýnazardan nygtaýarys, ýagny türkmen-owgan serhedindäki «Ymamnazar-Аkina» hem-de «Serhetabat-Тurgun...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Owganystandaky häzirki içeri syýasat wakalary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy we ýurduň Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler. Şunlukda ilçihananyň we konsullyklaryň binalarynyň daş-töweregi «Таliban» hereketiniň wekilleri tarapyndan goralýar. Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň hereket etmeginiň adaty tertibine laýyk...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Owganystandaky ýagdaý boýunça Beýannamasy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Owganystanda bolup geçýän ýagdaýlaryň we wakalaryň ösüşini üns merkezinde saklamagyny dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy aýratyn belleýär, ýagny dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, şeýle-de iki ýurduň halklarynyň taryhy hem-de medeni-siwilizasiýa umumylygyndan ugur alyp, Türkmenistan hemişe Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna düýpli gyzyklanma bildiri...
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça Dohada geçirilýän halkara duşuşyga gatnaşýar
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de «Таliban» hereketiniň arasynda parahatçylykly gepleşikleriň barşyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça halkara duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Katar Döwletiniň Doha şäherinde bolýar. Arasynda BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň wekilleri bolan duşuşyga gatnaşyjylar par...
Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi
Şu gün, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Mejlise şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy Natalýa German gatnaşdy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bu mejlisiň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Ykdysady forumy, Merkezi Aziýanyň ýurtlaryn...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň plenar mejlisiniň barşynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen kararnama biragyzdan kabul edildi
2-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama...