SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Halkara parahtçylyk we ynanyşmak maslahaty geçirildi
Şu gün, 11-nji dekabrda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26-ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirildi. Aşgabatda geçirilen halkara foruma Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Çärä şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Milli Geňeşiniň ýolabşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrlikleriň we pu...
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşary işler ministrleriň “Italiýa-Merkezi Aziýa” düzümdäki duşuşygyna gatnaşdy
2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Daşkent şäherinde “Italiýa-Merkezi Aziýa” düzüminde ikinji ministrler maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Maslahatyň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary halkara we sebit...
DIM-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili bilen duşuşyk geçirildi
2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow täze bellenen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow Narine Saakýany BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa öz işinde üstünlikleri arzuw etdi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda...
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbede geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşdy
2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Duşanbe şäherinde Daşary işler ministrler derejesinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy 14-nji mejlisi geçirildi. Forumyň işine «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy-ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Özara hereketleriň dört sany ýörite ugry: tokaý hojalygy, «ýaşyl» energetika, saglygy goraýyş we...
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji Sammiti geçirildi
Şu gün, 28-nji noýabrda - Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) döredilen gününde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynda ýolbaşçylyk edýär. Döwletimiz tarapyndan bu gurama başlyklyk şu ýylyň 4-nji martynda Türkiýede onlaýn görnüşde geçen YHG-nyň ýolbaşçylarynyň 14-nji sammitiniň barşynda kabul edildi....
Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi
Şu gün, 22-nji noýabrda Komitetiň türkmen böleginiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Komitetiň hytaý böleginiň başlygy, HKP-nyň MK-niň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni...
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherinde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» duşuşygyna gatnaşdy
2021-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Duşanbe şäherinde «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatynda Merkezi Aziýa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini, 2019-njy ýylyň 1...