RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Dek

Türkmenistan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen ynsanperwer we ylmy ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Şu gün, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde bütindünýä koronawirus ýokanjy döwründe ylym, saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ylmy gatnaşyklaryň hem-de ylmy alyş-çalşyň, täze tehnologiýalary ulanmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem wekiliýet baştutanlary ŞHG-nyň agza-döwletleriniň taryhy-medeni...

DOWAMY
1 Dek

Türkmenistan Ýewraziýa söwda-ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak işinde ulag ulgamyna aýratyn üns berýär

30-njy noýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda ählumumy pandemiýanyň netijelerini nazarda tutmak bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ulag ulgamyndaky gatnaşyklar aýratyn orun eýeledi.   Mejlise gatnaşyjylar Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan açyk, inklýuziw, adalatly we köptarapl...

DOWAMY
1 Dek

Türkmenistan ŞHG-nyň agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) geňeşiniň mejlisi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Mejlise ŞHG-nyň agza-döwletleriniň we ŞHG-nyň ýanyndaky synçy-döwletleriň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow mejlise myhman hökmünde gatnaşdy.   Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar ŞHG-nyň işiniň de...

DOWAMY
28 Noý

Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2020-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsdanperwer ugurlary boýunça türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Sebit hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki işjeň özara hereketler bellenilip geçildi. Iki ýurduň sebit we...

DOWAMY
27 Noý

Ýaponiýada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilindäki terjimesiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Ýaponiýanyň Parlamentiniň. Daşary işler, Söwda we senagat, Adalat ministrlikleriniň, şeýle hem Ýaponiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň, JETRO we JECO guramalarynyň hem-de ýapon ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýada...

DOWAMY
25 Noý

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň milli bölekleriniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün, 25-nji oktýabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň milli bölekleriniň ýolbaşçylarynyň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.L.Owerçugyň göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisi...

DOWAMY
25 Noý

Türkmenistan sebit we global ekologiýa meseleleriniň çözgüdinde halkara hyzmatdaşlygy ugrunda çykyş edýär

?Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisiniň barşyndaky çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň ekologiýa ugry boýunça nukdaýnazaryny beýan etdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerindäki özara hereketleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan daşky gurşawyň goragyny ýurduň döwlet syýasatynyň möhüm düzüjileriniň biri hökmünde kesgitleýär. Bu Türkmenistanyň Hökümetiniň kabul eden m...

DOWAMY