RSS

SOŇKY HABARLAR

29 Ýan

Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň w...

DOWAMY
27 Ýan

Türkmenistan we BMG durnukly ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlygyň dowam edilmegini ileri tutýarlar

2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňize çykalgasy bolmadyk, az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili hanym Fekitamoeloa Katoa Utoikamana bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.   Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryna ýokary...

DOWAMY
27 Ýan

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde geňeşmeler geçirildi

2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Makeý bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri geçirdi.  Duşuşygyň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýän ýokary derejedäki özara hereketleriň...

DOWAMY
21 Ýan

Saglygy goraýyş boýunça IX Türkmen-German forumy açyldy

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň çäklerinde guralan Saglygy goraýyş boýunça nobatdaky - IX Türkmen-German forumy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işine başlady.  Türkmen tarapyndan foruma Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derm...

DOWAMY
21 Ýan

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary

2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana iki günlük sapary başlandy. Şu gün, 21-nji ýanwarda Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramow...

DOWAMY
21 Ýan

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň duşuşygy

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň barşynda Prezidentler iki ýurduň we halkyň arasynda özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine, şeýle-de taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Döwlet baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we...

DOWAMY
20 Ýan

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde nemes bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi

2021-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Essen uniwersitet klinikasynyň (Germaniýa) Infeksiologiýa Ylmy-barlag merkeziniň müdiri professor, doktor A.Krawçik bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, “Türkmendermansenagat” Birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky döwlet l...

DOWAMY