RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Maý

Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2021-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary boldy. 30-njy aprelde ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Kazan ratuşasynda geçirilen Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Wise-premýer Türkmenista...

DOWAMY
29 Apr

Aşgabatda Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Aşgabatda Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň binasynda «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň arasyndaky duşuşyk wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Forumyň işine 15 ýurtdan ýokary wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa kä...

DOWAMY
22 Apr

Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Wise-başlyklygyna saýlandy

2021-nji ýylyň 20-21-nji apreli aralygynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) 69-njy mejlisiniň duşuşygy geçirildi. Aýlawly ykdysadyýet we geljek iki ýylyň dowamynda onuň ugruny kesgitlemek ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen çäräniň işine BMG ÝYK-nyň gatnaşyjy-ýurtlaryň ministrleriniň we ministrleriň orunbasarlarynyň derejesindäki wekilleri gatnaşdylar.    «Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sebitinde aýlawly ykdysadyýetiň ösüşiniň we tebigy gorlaryň d...

DOWAMY
16 Apr

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçirildi. Ýokary derejedäki çäre şol gün Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan täze Türkmenistanyň Mejlisler merkezinde geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy...

DOWAMY
25 Mar

Türkmenistanyň DIM-de «Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy» atly Metbugat-konfrensiýasy geçirildi

2021-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde göni we sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy» atly Metbugat-konfrensiýasy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyldy.   Metbugat-konfrensiýasyna milli gazet-žurnallaryň redaktorla...

DOWAMY
21 Mar

Türkmenistan Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyny hormatlaýar we Durnukly ösüşiň maksatlaryna ymtylýar

2021-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerimde geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň degişli Re...

DOWAMY
18 Mar

Türkmenistanyň paýtagtynda «Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady

2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çäräniň başynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan taýýarlanan sergi bilen tanyşdylar. Göni hem-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen halkara maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow, Gurluşyk we binagärlik min...

DOWAMY