«Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň ministrleriniň derejesinde gepleşikler geçirildi

2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşindäki «Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we Ösüş boýunça ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýanyň, BMG-niň we Arkalaşygyň işleri boýunça ministri Lord Tarik Ahmad bilen duşuşygy geçirildi.

Interaktiw gepleşikleriň barşynda ministrler ikitaraplaýyn türkmen-britan özara hereketleriniň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň ýaly-da, sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri babatynda hem pikir alyşyldy.

Abraýly halkara düzümleriniň, hususan hem BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝB-niň we beýlekileriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy beýan edildi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähmiýetli wakasynyň – iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň hem derwaýyslygyny belläp geçdiler. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde dürli ugurlardaky hyzmatdaşlykda ýokary netijeleriň gazanylandygy, özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň pugtalandyrylandygy nygtaldy.

Raşid Meredow we Lord Tarik Ahmad şonuň ýaly-da, iki uýrduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň, ugurdaş edaralarynyň gepleşikleriniň mümkinçilikleriniň hem has-da giňeldilmeginiň zerurlygyny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, şeýle çemeleşmeler Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň syýasy-diplomatik, ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky özara hereketleriniň pugtalandyrylmagyna itergi berer.  

Sebitleýin durnuklylyk we howpsuzlyk meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, diplomatlar taraplaryň owgan topragynda abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine hem-de Owganystanyň sebit ähmiýetli iri göwrümli ykdysady, energetika we ulag-kommunikasiýa ähmiýetli iri göwrümli taslamalara gatnaşmagyna gönükdirilen tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler.

Adam ölçegleri, saglygy goraýyş, bilim we ylym, ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler babatynda ikitaraplaýyn özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmegi babatynda hem ylalaşyldy.

«Gurluşlaýyn dialogyň» ahyrynda ministrler Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşylk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.