Türkmenistanyň Prezidentiniň we “Türkmenistan - ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan - ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz E.Stýuart bilen mähirli salamlaşyp, dostlukly türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine esasy orun berilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, ileri tutulýan ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewürlik geňeşiniň agzalary bolup durýan amerikan kompaniýalarynyň indi köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işleýändikleri bellenildi.

Bu gün “John Deere” we “Сase” kompaniýalarynyň ýokary hilli oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda, “General Eleсtriс” kompaniýasynyň enjamlary elektroenergetika pudagynda, “Boeing” kompaniýasynyň öndürýän uçarlary bolsa raýat awiasiýasynda giňden ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, himiýa hem-de azyk senagaty, ulag we ekologiýa ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, işewürlik geňeşi tarapyndan guralýan hem-de iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýän işewür duşuşyklaryň, dürli maslahatlaryň, sergileriň geçirilmegini yzygiderli dowam etmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki işiň baý tejribesiniň toplanandygyny nazara almak bilen, açylýan mümkinçiliklere oňyn baha berip, Türkmenistanyň täze tekliplere hem-de däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça garaýyşlara seretmäge hemişe taýýardygyny belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Erik Stýuarta telefon jaňy we “Türkmenistan - ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory hökmünde alyp barýan netijeli işi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk, geljekde-de uly üstünlikleri arzuw etdi.