Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şonuň ýaly-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň käbir meseleleri barada özara pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Gazagystan Respublikasy bilen öňden gelýän, däp bolan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar bolsa özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar.

Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejedäki ynanyşmak hem-de özara düşünişmek häsiýetine eýedigi, munuň bolsa ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da köptaraplaýyn esasda, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy depginli ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň ulag ulgamynda, hususan-da, iki ýurduň yklymlaryň çatrygynda amatly ýerleşýändigini nazara almak arkaly halkara ýük daşamalaryň ugurlaryny giňeltmek, şeýle hem özara söwdanyň mukdaryny artdyrmak, senagat pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýediklerini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy beýan edildi. Bu babatda ýurdumyz kuwwatly serişde binýadyna eýedir. Türkmenistanda kooperasiýa we integrasiýa babatda, şol sanda ösdürilmegine aýratyn üns berilýän obasenagat toplumynda uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň taryhy hem-de medeni umumylygynyň ylym we medeniýet babatynda netijeli hyzmatdaşlyga ýardam edýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki dostlukly goňşy döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, ruhy-medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga berýän ünsi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de kärdeşine berk jan saglyk, abadançylyk, işinde uly üstünlikler, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.