Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary

2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary başlandy. Wekiliýetiň düzüminde – Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bardyr.

10-njy iýunda türkmen wekiliýetiniň Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejeli yzygiderli we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasy özara hereketleriň türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine itergi berýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Taraplaryň geljekde hususan-da söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändikleri beýan edildi.

Soňra BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan bilen duşuşyk geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar energetika, ulag, maýa goýumlar, oba hojalygy we beýleki pudaklardaky özara hereketleriň geriminiň mundan beýläk-de giňeldilmegi nukdaýnazaryndan, Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň BAE-ne guralan bu saparynyň derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdiler. Taraplar Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän we şol sanda türkmen tarapynyň hem işjeň gatnaşmagy göz öňünde tutulýan «EKSPO-2020» halkara sergisiniň hem ähmiýetini nygtadylar.

Şonuň ýaly-da, türkmen wekiliýetiniň BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan bilen hem gepleşikleri geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdiler. Halkara we sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikirler alyşyldy. Taraplar abraýly halkara düzümleriniň çäklerindäki işjeň özara hereketlerini hem aýratyn bellediler.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi bilen hem duşuşyk geçirdi. Taraplar türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigini belläp geçdiler, ol bolsa söwda-ykdysady hem-de maýa goýum ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine güýçli itergi beren Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda şu ýylyň fewralynda baglaşylan ikitaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapýandyr. Nobatdaky duşuşygyň barşynda taraplar emirlik tarapynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda gazhimiýa, maliýe we ulag ulgamlarynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Saparyň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini kadalaşdyrýan ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.