Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen özara hereketlerini işjeňleşdirýär

Şu gün, 23-nji maýda türkmen paýtagtynda Türkmenistana sapar bilen gelen Sankt-Peterburgyň Daşary aragatnaşyklar Komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew we «Wozroždeniýe» Taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň» ýolbaşçysy I.Bukato bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.Berdimuhamedow gatnaşdylar.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen özara hereketleriniiň oňyn depgini belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan, ýurduň gatnaşyklary has hem ilerletmek babatynda ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan Sankt-Peterburg bilen hyzmatdaşlygynyň netijeliligi nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň fewralynda tassyklanylan söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýändir.

Sankt-Peterburgyň «ÖB «Wozroždeniýe» PJ, «Obýedinennaýa sudostroitelnaýa korporasiýa» (OSK) PJ ýaly öňdebaryjy kompaniýalary türkmen tarapynyň ygtybarly uzakmöhletli hyzmatdaşlary bolup durýar.

Mundan başga-da, döwlet ulgamynyň, işewürlik-toparlarynyň wekilleriniň, sungat ussatlarynyň yzygiderli geçirilýän duşuşyklary özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmegine itergi berýär.

Häzirki wagtda taraplar gurluşyk, ýol-ulag infrastrukturasy, gämigurluşygy, bilim, medeniýet ulgamynda önjeýli hyzmatdaşlyk edýärler.