«Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň barşynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Şu gün, 2-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat öz işine başlady.   

Çäräniň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga hem-de «Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge we gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» atly taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasyndaky 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi. 

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýganda Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň pasportlary bolan daşary ýurt raýatlary üçin Türkmenistana gelmegiň we ondan gitmegiň wizasyz tertibini girizmek hakyndaky karary barada Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan resmi habar berýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň werbal notasyny gowşurdy.  

Mälim bolşy ýaly, bu Karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2021-nji ýylyň 28-nji fewralynda gol çekildi we oňa laýyklykda, şu ýylyň 2-nji martyndan başlap BMG-niň pasportlarynyň eýeleri bolan daşary ýurt raýatlaryna wiza resmileşdirmezden Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga hem-de ondan gitmäge, şeýle-de Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berilýär.  

Mundan başga-da, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan akkreditirlenen BMG-niň ýa-da onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärleri bolan daşary ýurt raýatlary we olaryň maşgala agzalary Türkmenistanda işleýän döwrüniň dowamynda wiza resmileşdirmekden boşadylýar.   

Bu Kararyň kabul edilmegi 1946-njy ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň artykmaçlyklary we eldegirmesizlikleri hakyndaky Konwensiýasyna laýyk gelýär.