Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kuweýt Döwletine iş sapary

2017-nji ýylyň 6-7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredowyň baştutanlygyndaky wekiliýet Kuweýt Döwletinde iş saparynda boldy.

7-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Al Baýan köşgünde Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al Ahmad Al Jaber Al Sabah tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredow şu ýylyň 11-12-nji sentýabrynda Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Nasser Sabah Al Ahmad Al Jaber Al Sabah Türkmenistana sapar bilen gelendigini belläp, bu saparyň çäklerinde Kuweýt Döwletiniň Emiriniň ýollan çakylyk hatynyň gowşurlandygyny nygtap geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, R. Meredow bu çakylyk hata minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýollan hatyny Kuweýt Döwletiniň Emirine gowşurdy we Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen köp dogaýy salamlaryny ýetirdi.

Öz gezeginde Kuweýt Döwletiniň Emiri minnetdarlyk hatyny uly hormat bilen kabul edýändigini aýan edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi. Şeýle hem, Şeýh Sabah Al Ahmad Al Jaber Al Sabah Türkmenistanyň Baştutanynyň Kuweýt Döwletine boljak saparynyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirjekdigini nygtady.

Şeýle hem, türkmen wekiliýeti iş saparynyň çäklerinde Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Jaber Al Mubarek Al Hamad Al Sabah, Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Sabah Al Halid Al Hamad Al Sabah, Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Nasser Sabah Al Ahmad Al Jaber Al Sabah we Kuweýt Döwletiniň Arap Ykdysadyýetini ösdürmek boýunça Ösüş gaznasynyň baş müdiri Abdulwahab Ahmed Al Bader bilen duşuşyklary geçirdiler.