Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Italiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Luçiano Galli bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi.

Diplomatlar ýokary derejedäki özaragatnaşyklaryň ulgamlaýyn häsiýetini belläp geçdiler. Döwlet baştutanlarynyň arasyndaky önjeýli we yzygiderli gepleşikleriň ýurtlaryň arasyndaky özarabähbitli hereketleriň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna güýçli itergi berýändigi bellenilip geçildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmeginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italýan Respublikasyna bolan sapary aýratyn ähmiýete eýe boldy.   

Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň aýratynlyklaryny, şeýle-de Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda ykdysady, söwda, maýa goýum hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özarahereketleriň ikitaraplaýyn gurallarynyň çekilmegi bilen birlikde hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.

Halkara meýdançalarynda, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki özara hereket etmegiň oňyn tejribesi bellenildi. Abraýly platformalaryň çygryndaky halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň aýratyn ähmiýeti nygtalyp geçildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine üns berildi. Bu ugurda Medeni dialogyň döredilmegi we iki ýuruň DIM-niň arasynda Ýol kartasynyň taýýarlanylmagy boýunça bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegiň zerurlygy nygtaldy. Türkmenistanyň Italiýada ýöriteleşikli sergilerini guramagyň, şol sanda Milan şäherinde Söwda wekilhanasynyň açylmagynyň mümkinçiliklerine seretmek ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy. 

Işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda ENI, «Leonardo» we beýleki italýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň önjeýliligi hem bellenilip geçildi. Bu ugurda taraplar iki ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işewürlik-forumlaryny geçirmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmegine özara gyzyklanma bildirdiler. Saglygy goraýyş, älem giňişligi ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Luçiano Galli Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça netijeli önjeýli gatnaşyklaryň dowam edilmegine ynam bildirdiler.