Aşgabatda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça onlaýn görnüşindäki diplomatik okuwlar başlady

2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guranamagynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük diplomatik okuwlar başlady.

Bu okuwlara dünýäniň 13 ýurdundan, hususan-da Owganystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Awstriýadan, ABŞ-dan, Wengriýadan, Günorta Afrika Respublikasyndan, Malaýziýadan, Pakistandan, Ermenistandan, Hytaýdan 30-dan gowrak diplomatlar gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän bu okuwlar oňa gatnaşyjylara döwletiň şu özboluşly hukuk derejesi, onuň daşary syýasatyň durmuşa geçirilmeginäki ähmiýeti hakyndaky bilimleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir.

Diplomatik okuwlarynyň açylyş gününde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew gutlag sözi bilen çykyş etdi we ol öz çykyşynda döwletiň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde  Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny has hem giňeltmäge ygrarlydygyny belläp geçdi. Rektor bu okuwlaryň dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan diplomatlara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýäde we sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň gazanylmagy babatynda ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň özboluşlylygy hakynda has köp maglumatlary öwrenmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.   

Okuwlaryň birinji gününde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle-de türkmen diplomatiýasynyň halypalary – ýaş türkmen diplomatlaryna diplomatik gullugynyň aýratynlyklaryny içgin öwredýän Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri leksiýalar bilen çykyş etdiler.              

Çykyş edenler parahatçylygy, özaradüşünişmegi hem-de deňhukukly döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulmagyna esaslanýan hemişelik Bitaraplygyň ýörelgelerine laýyklykda durmuşa geçirilýän türkmen diplomatiýasynyň we Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özboluşlylygy barada gürrüň berdiler.

Onlaýn görnüşde leksiýalary okamak üçin diplomatlar, Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri hem-de ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çagyryldy we olar ýaş diplomatlara degişli temalardan sapak bermek bilen birlikde, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň gazananlary barada giňişleýin gürrüň bererler.

Okuwlaryň maksatnamasy diýseň mazmuna baýdyr. Onlaýn-görnüşinde geçirilýän okuwlara gatnaşyjylar janly ara alyp maslahatlaşmalaryň howasyna aralaşarlar hem-de türkmen diplomatiýasynyň bilermenlerine özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip bilerler we olara doly hem-de jikme-jik jogaplary alarlar.  

Daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlaryna «Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň taryhy we onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi», «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy – ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlyk», «Energetika, ulag we Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy» hem-de beýleki ugurlar boýunça sapaklar geçdiler.

Ertir, 22-nji oktýabrda daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin diplomatik okuwlar BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde dowam eder we ol ýerde Merkeziň ýolbaşçylary çykyş ederler.

Okuwlar degişlilikde 23-nji oktýabra çenli dowam eder.