Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda durmuş-ykdysady meselelere seredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, pandemiýanyň dünýäniň ähli döwletleriniň ykdysadyýetine ýetiren täsirine garamazadan, Türkmenistanyň öz ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazanandygy barada belledi.

Uzak möhletleýin maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy ugurlaryna hem-de döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden hem gowragynyň durmuş maksatly ugra gönükdirilýändigi barada nygtady.