Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisinde ýurduň öňe gidýän ösüşiniň esasy meselelerine garaldy

2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Umumymilli maslahatda geljekde ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň wekilleriniň arasynda hormatly ýaşulular, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri, ylym we bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahata şeýle-de türkmen ilçileri we Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda, abraýly halkara guramalary, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan edendigini, şeýle hem 2017-nji ýylyň 19-njy aprelinde bolsa, biziň Bitarap döwletimiziň bu guramanyň Çagalar Gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2018-2020-nji ýyllar üçin agzalygyna we Zenanlaryň hukuk ýagdaýy boýunça Komissiýasynyň 2018-2022-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Möhüm wakalaryň hatarynda şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Komissiýasynyň mejlisinde bu guramanyň ösüşiň bähbitlerine Ylym we tehnika boýunça Komissiýasyna 2017-2020-nji ýyllar, Ilat hem-de ösüş boýunça Komissiýasyna 2016-2020-nji ýyllar, şeýle hem Durmuş ösüşi boýunça Komissiýasyna 2017-2021-nji ýyllar üçin saýlanmagy­ny bellemek bolar.

Garaşsyz döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde äh­lumumy kiber howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine düýpli çemeleşmegi teklip etdi.

«Aziada - 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mej­lisiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösüşiniň ykdysady görkezijile­rine şu ýylyň 9 aýynyň jemlerine bagyşlanyp, geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilendigini aýdyp, foruma gatnaşyjylaryň ünsüni amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň esasy meselelerine çekdi.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeler geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm çeşmeleriniň onlarçasy üçin düýpli esaslar goýuldy. Bu işleriň yzygiderli ýeri­ne ýetirilmegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etjek kuwwatly önümçilik, durmuş we inženerçilik ulgamlarynyň berk esaslaryny döretmek dowam edýär. 

“Häzirki döwürde biz ýurdumyzda durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kuwwatly hä­zirki zaman ykdysady ulgamyň ýokary ösüşe eýe bolandygyny doly tassyklap bileris. Bu ulgam eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýar hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmegi göz öňünde tutýar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ara alyp maslahatlaşmalary jemäp, Ýaşuluar maslahatynyň mejlisiniň gün tertibiniň meseleleri boýunça çykyş edenlere we forumyň işine işjeň gatnaşanlara minnetdarlyk bildirdi we beýan edilen teklipleriň ählisiniň hökmany suratda göz öňünde tutuljakdygyny belledi.

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň ikinji jemleýji güni boldy. Forumyň dowamynda ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň öňdebaryjy meseleleri bellenildi, şeýle hem aýratyn resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ýurduň ýolbaşçysy «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlaryna, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Kararyna, «Ähli sarp edijiler üçin tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek hakynda» Karara, «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini 2018-nji ýylda çagyrmak hakynda», «Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakyndaky», «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakyndaky» Permanlaryna gol çekdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakyldy.

Mejlisde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşyjylaryň ýurdumyzyň ähli halkyna Ýüzlenmesi kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda Milletiň Lideri gatnaşyjylara jemleýji sözi bilen ýüzlenip, gatnaşyjalara olaryň ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we Ýaşulularyň maslahatyny ýapyk diýip yglan etdi.