Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe halkara resminamalaryna goşulmak boýunça kararlary kabul etdi

2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagrylyşynyň onunjy maslahaty sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Maslahata ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, onuň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem-de birnäçe ähmiýetli halkara-hukuk resminamalaryna goşulmak boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalaryna garaldy.

Maslahatyň barşynda 2016-njy ýylda kabul edilen “Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasyna düzedişleri tassyklamak hakynda”, 1999-njy ýylda kabul edilen “Afrika-Ýewraziýanyň göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyga goşulmak hakynda”, 1983-nji ýylda kabul edilen “Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa goşulmak hakynda”, 2018-nji ýylda kabul edilen “Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň Serhetüsti bilen baglylykda daşky gurşawa edilýän täsire baha bermek boýunça Teswirnamasyny tassyklamak hakynda”, 1975-nji ýylda kabul edilen “Halkara magistral awtoýollary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, 1985-nji ýylda kabul edilen “Halkara magistral demir ýollary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, 1991-nji ýylda kabul edilen “Halkara utgaşdyrylan gatnatmalaryň, daşamalaryň möhüm ýollary we desgalary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, “1968-nji ýyldaky Ýol hereketi hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, “1968-nji ýyldaky Ýol belgileri we duýduryşlary hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, “1968-nji ýyldaky Ýol belgileri we duýduryşlary hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyna Ýol çyzgylary hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda”, 2013-nji ýylda kabul edilen “Körlere we görüş ukyby bozulan ýa-da metbigat maglumatlaryny kabul etmek bilen bagly beýleki mümkinçilikleri çäkli adamlara çap edilen eserleriň elýeterliligini ýeňilleşdirmek hakyndaky Marrakeş Ylalaşygyna goşulmak hakynda”, 1961-nji ýylda kabul edilen “Ýerine ýetirijileri, fonogrammalary döredijileriň we ýaýlyma göýberiş guramalaryň hukuklaryny goramak hakynda halkara Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalaryna seredildi.

Mejlisiň altynjy çagrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň barşynda hödürlenen halkara kanunçylyk namalaryna goşulmak boýunça Kararlarynyň taslamalary makullanyldy we biragyzdan kabul edildi.