Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.

 Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-yň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanyndan uzalyp gidýän haly ýodasynyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly nyzama düzüldi.

 Russiýanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden motosiklçileriň hormat garawulynyň ugratmagynda “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde öz russiýaly kärdeşi Wladimir Putini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, “Oguzhan” zalyna barýarlar, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Iki döwletiň Baştutanlary Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Belent mertebeli myhman ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Prezident Wladimir Putin, öz nobatynda, Türkmenistanyň Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

 Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soň, milli Liderimiz belent mertebeli myhmany “Altyn zala” çagyrýar, bu ýerde ýokary derejedäki dar düzümde türkmen-russiýa gepleşikleri geçirildi.

Geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, sebit we halkara howpsuzlyk hem-de Merkezi Aziýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra gepleşikler “Gorkut ata” zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýada howpsuzlygy üpjün etmek meselesinde Aşgabat Moskwa bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny, Russiýanyň bu sebitdäki bähbitlerine hormat goýýandygyny we Russiýa bilen bilelikde BMG-niň Global terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça işlemäge taýýardygyny aýtdy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti öz ýurdunyň Türkmenistanyň bitarap derejesine hormat goýýandygyny we sebitdäki durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge goşýan uly goşandy üçin Türkmenistana uly baha berýändigini aýtdy.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanan soň, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Bilelikdäki Beýannama hem-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekýärler. Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin “Magtymguly” zalyna barýarlar. Bu ýerde olary Türkmenistanyň hökümetiniň, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglamak hakynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany okalýar.

 Prezident Wladimir Putin türkmen Liderini bu hormatly sylag bilen mähirli gutlap, bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aleksandr Newskiý ordenini gowşurýar.

Milli Liderimiz bildirilen uly hormat üçin RF-iň Prezidenti Wladimir Putine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagy uly mertebe, tutuş türkmen halkyna goýlan belent sarpa, däp bolan dostlukly türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň okgunly ösýändiginiň we hemmetaraplaýyn pugtalanýandygynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Ondan soň döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara hem-de russiýaly kärdeşine ýüzlenip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putiniň ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylaglarynyň biri — “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen orden bilen sylaglanýandygyny yglan etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu çözgüt Russiýanyň Baştutanynyň türkmen-russiýa gatnaşyklaryny ösdürmek we pugtalandyrmak işine, onuň parahatçylygyň üpjün edilmegine hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine goşan uly goşandynyň ykrar edilmegi bolup durýar.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti jogap sözünde öz işine berlen ýokary baha üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa, türkmen halkyna, dabara gatnaşyjylara tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Wladimir Putin özüne gowşurylýan hormatly sylagy Russiýa we rus halkyna uly hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belläp, bu wakanyň biziň halklarymyzyň köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklarynyň çuňňurlygynyň we mäkämliginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

Prezident Wladimir Putin şu günki gepleşikler barada durup geçmek bilen, habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, olaryň örän netijeli bolandygyny, halkara meseleleriniň hemmesi boýunça diýen ýaly, biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da örän ýakyndygyny belledi.

Şeýle hem şu gün Russiýa Federasiýasynyň Baştutany paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde bina edilen hem-de milli gahrymanlarymyzyň — Watan goragçylarynyň, şeýle hem 1948-nji ýylyň weýrançylykly Aşgabat ýertitremesiniň şehitleriniň ýagty ýadygärligini ebedileşdiren “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy. Bu ýerde Prezident Wladimir Putin “Baky şöhrat” ýadygärligine gül goýdy.

 Agşam belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler. Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlary mähirli hoşlaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň Baştutany Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi hem-de Aşgabatdan ugrady.