Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň garamagyna teklip eden ähmiýetli garaýyşlary we başlangyçlary

2017-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili, Ilçi A.Ataýewa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda umumysyýasy ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan çykyş etdi.

Türkmenistanyň Hökümeti terrorçylygy ähli görnüşlerde we ýüze çykmalarda şübhesiz ýazgarýar we terrorçylygyň öňüni almaklyk milli, sebitleýin we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar diýip ykrar edýär, hem-de şunuň bilen baglylykda Türkmenistan BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş müdirligini döretmeklige razylyk berýär diýip, biziň wekiliýetimiz habar berdi.

 DÖM-ny ýerine ýetirmeklik Türkmenistanyň BMG bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanylýar, şeýle hem 2015-nji ýylda BMG bilen bilelikde Hökümet derejesinde 17 maksat, 148 wezipe we 193 DÖM-nyň görkezijileri sorag edildi we kabul edildi.

2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ulgamynyň Gün tertibini amala aşyrmakda sportuň möhüm orun eýeleýändigini bellenildi, şu günlerde Aşgabat şäherinde 65 döwletiň ýygyndy toparlarynyň, şol sanda Okeaniýanyň 19 ýurdunyň we bu oýunlara ilkinji gezek gatnaşýan bosgunlaryň toparynyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýändigi nygtaldy.

Türkmen tarapy  2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Ženewada geçirilen BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 36-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Braziliýanyň başlangyçlary bilen  bilelikde kabul eden parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň Olimpiýa toparynyň goşandyny höweslendirmek hakyndaky Beýannamany goldan ähli ýurtlara minnetdarlyk bildirdi.

Jedelleriň öňüni almakda we olaryň döremeginiň sebäplerini ýüze çykarmakda öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuny bellemek bilen öňümizdäki ýylda Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin merkeziň döredilen wagtyna 10 ýyl dolýandygy ýatladyldy we türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Birinji komitetiniň garamagyna öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny goldamaklygy amala aşyrmak boýunça rezolýusiýasynyň taslamasyny girizmekçidigi barada habar berildi.

 Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginde kabul edilen çözgütlerini amala aşyrmaklykda bilelikde işjeň hereketini we hereket edýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini kämilleşdirmek we işjeňleşdirmek maksatlaryna gönükdirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýyldaky  №69/213 we 2015-nji ýyldaky №70/197 rezolýusiýalaryny mundan beýläk hem durmuşa geçirmekligini  dowam etdirer.

Durnukly Ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasyna we 2030-njy ýylyň Gün tertibiniň wezipelerini netijeli ýerine ýetirmek boýunça maksatlara salgylanmak bilen  BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki sessiýasynda Türkmenistanyň “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ulagyň ähli görnüşleri bilen aragatnaşygy berkitmek” hakynda rezolýusiýanyň taslamasyny Ikinji komitetiň garamagyna hödürlemekçidigi hem bellenilip geçildi.

Çykyşyň ahyrynda Türkmenistanyň adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan wehimlerine täzeçe çemeleşmeleri gözlemekde we olary ýeňip geçmekde taýýardygy we Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyna  doly ygrarlylygy bellenildi.