KHBS üçin habar

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň wise-premýeri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapynyň başlygy Alekseý Owerçuk bilen telefon arkaly gepleşigi boldy.

Gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň şu ýylyň 12-nji maýynda bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatladylar, şeýle hem Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75-ýyllygy mynasybetli birek-biregi gutladylar.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerinde öň kesgitlenen ugurlaryň nazarda tutulmagynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda COVID-19 koronawirusynyň pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy göreşde ysnyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerine hem seredilip geçildi.