Duşenbede Türkmen-Täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

2015-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrleriň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň gün tertibine türkmen-täjik döwletara gepleşikleriniň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak meseleleri goşuldy.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmonyň doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki tagallalaryny bellediler.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşine baha bermäge mümkinçilik berýän syýasy geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigini beýan etdiler.

Şeýle-de taraplar Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýynyň we ösüşiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäli türkmen-täjik hökümetara toparynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanşygynyň derejesini ulaltmagyň meselelerine hem seredildi.