Türkmenistanyň DIM-de ÝUNEP-iň Merkezi Aziýa boýunça Başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen BMG-niň Daşky gurşaw baradaky Maksatnamasynyň Merkezi Aziýa boýunça Edarasynyň ýolbaşçysy Aýdaý Kurmanowa bilen duşuşygy geçirildi.  

Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawyň goraglylygy, howanyň üýtgemegi, tebigy gorlaryň netijeliligi we «ýaşyl ykdysadyýetiň» meseleleri boýunça özara hereketleriň esasy ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Taraplar hususan-da Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça BMG-niň Daşky gurşaw baradaky Maksatnamasynyň Merkezi Aziýa boýunça Edarasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrmagyna aýratyn üns çekdiler. 

Türkmenistana saparynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw baradaky Maksatnamasynyň Merkezi Aziýa boýunça Edarasynyň ýolbaşçysy Aýdaý Kurmanowanyň şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministri hem-de Hazar deňzi institutynyň Direktory bilen duşuşyklary geçirildi.