Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan halkara maslahatyň dowamy geçirildi

2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty öz işini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde plenar mejlislerinde dowam etdi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik korpusyň we ýerli hem-de daşary ýurt KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň başynda Daşary işler ministri R.Meredow giriş sözi bilen çykyş etdi we Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmekligiň çäklerinde tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde, durnuklylygy we ykdysady ösüşi goldamakda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň zerurlygyny belledi.

Birinji plenar mejlisiniň “Adamyň hukuklaryny we gyzyklanmalaryny öz içine jemleýän ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk” atly mowzuklaýyn sessiýasynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili R.Komenda, Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa we Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň direktory Z.Gadjiýew çykyş etdiler.

 “Durnukly ykdysady we ekologik ösüşe gönükdirilen hyzmatdaşlyk” atly ikinji sessiýada BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Sebitleýin edarasynyň direktory W.Gusu, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi N.Natswlişwili, Aziýa Ösüş Bankynyň ýurt boýunça edarasynyň direktory Çang-Çing Ýu, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin utgaşdyryjysy D.Godunow, Ýewropanyň Täzeleýiş we Ösüş Bankynyň ýurt boýunça edarasynyň direktory jenap F.Turkmenoglu, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy Ý.Sukrowski, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekili çykyş etdiler.

“Hemmetaraplaýyn saglygy goraýyş we sosial goraglylyga gönükdirilen sosial ulgamdaky hyzmatdaşlyk” atly üçünji sessiýanyň barşynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (WHO) ýurt boýunça edarasynyň başlygy P.Karwowska, Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory L.Burunçuk, BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory J.Waleze we ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň başlygy K.Weýgand çykyş etdiler.

Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň Durnukly Ösüş Maksatlaryny üpjün etmekde halkara hereketleriniň we parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerýän hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň möhüm orny barada bellenildi. 

«Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň jemleri boýunça tegelek stollar gurnaldy. Bu duşuşyklaryň barşynda onda çykyş edenler Türkmenistan bilen halkara guramalarynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmek boýunça öz tekliplerini beýan etdiler.