ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň okuw maslahatynda žurnalistik bilimiň döwrebaplaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 13-14-nji noýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň gurnamagynda okuw maslahaty geçirildi. Žurnalistika bilimine bolan döwrebap çemeleşmeler maslahatyň baş temasy bolup çykyş etdi. Bu iki günlük çärä dört ýokary okuw jaýyndan žurnalistika mugallymlary, çap, teleradio we onlaýn KHBS-den žurnalistler, şeýle-de Adalatçynyň diwanyndan, Bilim ministrliginden we Türkmenistanyň beýleki degişli edaralaryndan  wekiller gatnaşdylar.    

Okuw maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Merkeziň ýolbaşçysy Natalýa Drozd žurnalistika hünäriniň erkinligini, pikiriňi beýan etmegiň azatlygyny öňe sürmek boýunça ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň ählisiniň borçlary barada belledi we ÝHHG-niň Merkezi Aziýa sebitinde gurnan birnäçe çäreleri barada aýtdy.  

Halkara KHBS meselelerini derňeýjileriň Assosiasiýasynyň Maslahat beriş geňeşiniň agzasy Pal Tamaş žurnalistika biliminde döwrebap akymlar, žurnalistiň endikleri, şeýle hem, KHBS-niň täze işewür-nusgalary we žurnalistika etikasyna bolan garşylyklar barada aýdyp berdi.

Demokratiýa we kanun hökümdarlygy Merkeziniň direktory, şol bir wagtda Halkara media assosiasiýasynyň agzasy T.Şewçenko söz azatlygy we žurnalistika fakultetinde öwredilýän şoňa meňzeş beýleki dersler boýunça modullary işläp düzmek babatdaky öňdebaryjy tejribesi bilen paýlaşdy.       

Gatnaşyjylar Türkmenistanda žurnalistika biliminiň özgerdilmeginiň geljekki ugurlary we Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynda göz öňünde tutulan söz azatlygy baradaky moduly işläp düzmek babatdaky amatly çemeleşmeler barada pikir alyşdylar.