Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça çäreler – ÝHHG-niň Türkmenistanda geçirilen okuw sapagynyň üns merkezinde

2019-njy ýylyň 21-22-nji oktýabrynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi ÝHHG-niň Ykdysady we ekologiki iş boýunça Utgaşdyryjysynyň Edarasy bilen birlikde «Korrupsiýa garşy göreşmek ulgamynda institusional we kanunçylyk gurallary» temasy boýunça okuw maslahatyny gurady. Okuw maslahaty Merkeziň «Döwlet dolandyrylyşynyň degişli tejribesiniň ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy» taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Çärä ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Içeri işler, Maliýe we ykdysadyýet, Milli howpsuzlyk, Adalat ministrlikleriniň, Merkezi Bankynyň we Baş prokuraturasynyň wekilleri gatnaşdylar.   

Okuw maslahatyny ÝHHG-niň bilermenleri geçirdiler, olar korrupsiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek ulgamyndaky kanunçylyk namalaryny işläp düzmegiň halkara standartlaryny we öňdebaryjy tejribesini giňişleýin düşündirdiler. Bilermenler bikanun alynan aktiwleriň yzyna gaýtarylmagy we olaryň öweziniň doldurylmagy boýunça gurallary we usullary beýan etdiler, şeýle hem döwlet satyn almalary ulgamynda korrupsiýanyň öňüni almak boýunça öňdebaryjy tejribeleri açyp görkezdiler.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy Natalýa Drozd özüniň çykyşynda korrupsiýa garşy göreşmek işinde netijeliligiň üpjün edilmeginde halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny aýratyn belläp geçdi we ÝHHG-niň öz nobatynda milli, sebit hem-de halkara başlangyçlaryna işjeň gatnaşmaga, şeýle hem olaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge taýýarlygyny aýratyn nygtady. 

Bilermenleriň tanyşdyryjy görkezişlerine goşmaça hökmünde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili Türkmenistanyň korrusiýa garşy göreşmek ulgamyndaky milli synyny görkezdi.