Aşgabatda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär

2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda ýurduň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Oňa köp sanly daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden öňdebaryjy kompaniýalar we ugurdaş düzümler bar. Sergi gatnaşyjylaryň 130-a golaýyny — dünýäniň elektroenergetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň we hususy telekeçiligiň wekillerini, bilermenleri birleşdirdi.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, köp sanly daşary ýurt myhmanlary gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynyň ösüş depgini, onuň üstünlikleri we gazananlary Energetika ministrliginiň we ugurdaş edaralaryň diwarlyklary has aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň sergä gatnaşyjylary energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini — Gün panellerini we ýel generatorlaryny öndürmek babatda öz işleri bilen tanyşdyrdylar.

«Sumimoto Corporation» we «Çalyk Holding» kompaniýalarynyň diwarlyklary myhmanlaryň hem-de ykdysady sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi, olar elektroenergetika pudagynyň täze desgalaryny gurmagyň we bar bolan desgalaryny döwrebaplaşdyrmagyň taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara ylmy maslahat hem geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly bilermenler, seljerijiler, menejerler gatnaşdylar.

Halkara sergi öz işini 14-nji sentýabra çenli dowam eder.