Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen söhbetdeşlik

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň redaksiýasyna birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby

Sowal: Hazar gün tertibiniň ilerledilmeginde, Hazarda köpugurly hyzmatdaşlygyň formatynyň pugtalandyrylmagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine Siz nähili baha berýärsiňiz?

Jogap: Hazar sebitiniň ykdysady ösüş meselesiniň netijeli hem-de özarabähbitli esasda çözülmegi 2018-nji ýylyň awgustynda Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa gol çekilmeginden soňra aýratyn derwaýyslyga eýe bolýar. Resminamanyň diňe bir hazarýaka döwletleriniň ählisiniň gyzyklanmalaryna laýyk gelýändigi däl-de, eýsem onuň düzgünleri tarapyndan oňa gatnaşyjylaryň bu howdanyň ulanylmagy boýunça özara hukuklarynyň we borçnamalarynyň, dünýäniň bu sebitinde tutuşlygyna ynanyşmagyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy boýunça çäreleriň kesgitlenilýändigi görnetindir. Bu halkara şertnamanyň derwaýyslygy onuň söwda-maýa goýum we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin zerur bolan hukuk şertlerini döredýändiginden ybaratdyr.  

Häzirki şertlerde hökümetleriň, ugurdaş ykdysady edaralaryň we Hazarda işlemegi maksat edinýän işewürlik-birlikleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin ýöriteleşdirilen meýdançanyň döredilmeginiň zerurlygy aýratyn wajyp häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen Hazar ykdysady forumynyň yzygiderli geçirilmegi hakyndaky pikir aýratyn derwaýys boldy. Bu teklip bir ýyl mundan ozal Konwensiýa bilen bir wagtda gol çekilen bäştaraplaýyn Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşykda we Prezidentleriň duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bäşinji hazar sammitiniň Beýannamasynda hem  öz beýanyny tapandyr.

Forumyň gün tertibiniň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagy, maýa goýum şertleriniň gowulandyrylmagy, senagat, ulag, innowasiýalar we ylym ulgamynda alnyp barylýan iş ýüzündäki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça meseleleriň giň toplumyny özünde jemleýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň söwda, maýa goýumlar we syýahatçylyk ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine ynanýaryn, bu bolsa Hazaryň dünýäniň iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň birine öwrülmegine özüniň oňyn itergisini berer.

Russiýa bu çärä ýokary ähmiýet berýär. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Ýolbaşçysy D.A.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetiniň derejesi hem aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýändir.