Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmekligiň çäklerinde geçiriljek çäreler

2019-njy ýylyň 15-16-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmekligiň çäklerinde Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy hem-de GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Bu çäreleriň işine gatnaşmak üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistana geler.

Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergi, foto we kitap sergisi, şeýle-de GDA-nyň simfoniki orkestriniň konserti we beýleki medeni çäreler geçiriler.