Aşgabatda Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň (CAREC) ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ulgamyndaky meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Myhman, global derejede howanyň ýylamagyna ählumumy göreş nukdaýnazaryndan «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň dünýä derejesinde ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp geçdi. Şeýle hem taraplar CAREC-iň Türkmenistandaky Taslama edarasynyň «ýaşyl ykdysadyýetiň» derwaýys meseleleri boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmek bilen birlikde sebitiň ýurtlarynyň tebigaty goramak we suw boýunça pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda sebitleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen ähmiýetli işini belläp geçdiler.