Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşygy

ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Gremingeriň Türkmenistana saparynyň çäklerinde onuň Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmen tarapyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň esaslandyrylan gününiň 20-ýyllygy mynasybetli gutlaglaryna minnetdarlyk bildirip, jenap Greminger Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn ösüşe, şeýle hem sebit derejesinde, edil şonuň ýaly-da global ölçeglerinde parahatçylygyň we ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen netijeli daşary syýasatyny we Türkmenistanyň bu ugurdaky ähmiýetli goşantlaryny belläp geçdi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasynda bilelikdäki işiň uly tejribesiniň toplanylandygy bellenilip geçildi. Şu ýylda harby-syýasy, ykdysady we ekologiki, şeýle hem ynsanperwerlik ugurlaryna degişli bolan 40 sany taslama durmuşa geçirilýär.

Bilelikdäki işiň netijesinde adamlaryň ählisiniň ýaşaýşynyň durmuş-ykdysady şertleri gowulandyrylýar. Has takygy, Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen, şol sanda ykdysady we ekologiýa ulgamlaryna, döwlet dolandyrylyşynda halkara tejribesiniň ulanylmagyna, ulag daşamalaryna we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşine hem-de daşky gurşawyň goragyna ýardam etmek arkaly bilelikdäki taslamalar durmuşa ornaşdyrylýandyr.

Myhman Türkmenistanyň ýurtda adam hukuklarynyň goragy, gender deňligi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň kämilleşdirilmegi ulgamyndaky möhüm başlangyçlaryny belledi, bu bolsa dolulygyna ÝHHG-niň esasy ýörelgeleri bilen gabat gelýändir.

Taraplar şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilýän ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň esaslandyrylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň ähmiýetini nygtadylar we geljekde önjeýli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar.