Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi

2019-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni üstünlikli bellenildi. Şanly sene mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, dürli ýaryşlar we beýleki çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Soňky ýyllarda dünýä ölçeglerindäki halkara sport çärelerini geçirmegiň merkezleriniň biri bolmak bilen Türkmenistan ýene-de bir uly göwrümli sport çäräniň geçirilmegine taýýarlanýar. Şeýlelikde, Halkara Sambo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň kararyna laýyklykda 2020-nji ýylda Türkmenistanda Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan dabaralaryň barşynda Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) prezidenti W.Şestakow Türkmenistana geldi. Saparynyň çäklerinde myhman Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy, Milli Olimpiýa komitetiniň prezidentini FIAS-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň türkmen paýtagtynda 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdi bilen tüýs ýürekden gutlady. Halkara derejedäki bu bäsleşikler Türkmenistanyň sebit we ählumumy möçberdäki sport diplomatiýasynyň ösdürilmegine nobatdaky goşandy bolar diýip, W.Şestakow belledi.

Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň netijelerine hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň, ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginde gazanylýan üstünliklere uly baha berip, Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysy ýokary sport mümkinçilikleri we bu ugurda hünärmenleriň üpjünçiligine, häzirki zaman ugurdaş düzümlerine eýe bolan ýurt hökmünde tanalýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.