“Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi badalga aldy

2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde “Amul — Hazar 2018” awtorallisi badalga aldy. Öň ýanynda sport ulaglarynyň ekipažlary administratiw barlagdan we tehniki gözegçilikden geçdiler, ýaryşyň geçjek ugry bilen tanyşdylar — olara ýol kitapçasy gowşuryldy. Bu kitapça bolsa ýol kagyzçasyndan, ýaryşyň geçýän ugry boýunça ýerleriň kartasyndan ybaratdyr.

Awtoralliniň tertibine laýyklykda, badalgadan öňki zolakda Ýapyk Park tertibi hereket edýär. Irden ekipažlar bu ýere özleriniň awtoulaglaryny getirdiler. Şondan köp wagt geçmänkä-de, hemmeler ýaryşyň badalga alýan ýerine bardylar. Şol ýerde prologa — kwalifikasion ýaryşa taýýarlyk görmek başlandy. Bu ýaryşda ralliniň birinji tapgyry üçin badalga belgileri kesgitlenilýär. Prologyň uzynlygy 9 kilometre barabardyr.

 Türkmenistanyň hormatly Prezidenti bellenilen ýere gelip, özüniň 100-nji belgili sport awtoulagynda ýörite ýol boýunça belli aralygy geçip, prology açýar. Ilkinji ýörite aralygyň pellehanasyna awtomobiller yzly-yzyna gelýärler. Pellehana ilkinji bolup, 100-lik belgili ulagyň ekipažy geldi.

 Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul - Hazar 2018” taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory Žan-Lui Şlesser bilen söhbetdeş boldy.

 Ýaryşyň beýleki gatnaşyjylarynyň kwalifikasion tapgyry tamamlanansoň, ýaryşyň uzynlygy 247 kilometre barabar bolan birinji tapgyryna badalga berildi.

83 ekipaždan ybarat bolan rallä gatnaşyjylaryň awtoulaglary birinji tizlikli tapgyryň badalga alýan ýerinde öz orunlaryny eýelediler we şondan köp wagt geçmänkä-de, ýola düşdüler.