Türkmenistan we BMG häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

img
img
img
img

7-nji noýabr 2025-njy ýylda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Myahri Bäşimowa bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar UNODC-niň Merkezi Aziýa döwletleri üçin 2022-2027 ýyllar üçin Maksatnamasyny hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen UNODC-niň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny durmuşa geçirmek bilen bagly bilelikdäki tagallalara aýratyn üns berdiler. Mundan başga-da, täze ýol kartasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri serhetara howplara garşy milli derejede mümkinçilikleri ösdürmäge gönükdirilen Bilelikdäki maksatnamalary maliýeleşdirmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň ilerledilmegi boldy.    

Türkmen tarapy BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen kiberhowpsuzlyk, sintetiki neşe serişdelerine garşy göreş hem-de adam söwdasynyň öňüni almak ýaly birnäçe ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygy tassyklanyldy.