Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy

photo

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy.

Çärä Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary, Italiýanyň ýokary derejeli wekilleri hem-de iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti işewürlik forumynda eden çykyşynda göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi bermegi, dünýäniň geoykdysadyýetinde häzirki zaman meýilleri, bilelikdäki mümkinçiliklerimizi göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin anyk şertleri döretmegi maksat edinýän şu duşuşygyň ähmiýetini belledi.

Ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet bermek bilen, milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmäge täze itergi bermek bu syýasatyň esasy maksatlarynyň biridigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüş üçin ileri tutulýan ugurlary we strategik maksatlary barada durup geçdi.

Senagat jemgyýetiniň döredilmegi we ykdysadyýeti düzümleýin, şeýle hem geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti energiýa serişdeleriniň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, şol sanda günbatar ugry boýunça iri turba geçirijileri gurmagyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokarda beýan edilen meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň bu işlerde italýan işewürliginiň hem mynasyp orun almagyny isleýändigini we munuň üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dokma senagatyny hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjek ulgamlaryň biri hökmünde belledi. Türkmenistan ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň eksportyny giňeltmäge, egin-eşikleri öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmäge, täze bazarlara çykmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda bank-maliýe pudagyny hem-de karzlaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy hem bellenildi. Bu ulgamda Türkmenistan Italiýanyň maliýe edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň tejribesine gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň döwlet eksport-karzlaşdyryş agentligi bilen türkmen banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Soňra işewürlik forumy öz işini bölümlerde dowam etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň degişli edaralarynyň we Italiýa Respublikasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Forumyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.