BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasy kabul edildi

photo

2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasyna seredildi we biragyzdan kabul edildi.

Bu resminama gün tertibiniň «Birleşen Milletler Guramasynyň ykdysady, durmuş we ýanaşyk ugurlardaky iri maslahatlarynyň we ýokary derejeli duşuşyklarynyň çözgütleriniň utgaşykly we toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi hem-de olaryň netijeleri boýunça alnyp barylýan işler» atly 13-nji bendiniň çäklerinde we 57 döwletiň awtordaşlygynda kabul edildi.

«Awaza syýasy Jarnamasy» Kararnamasy 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda beýan edilen esasy netijeleri we strategik ugurlary özünde jemlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilendir.

Resminamada deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysady kuwwatyny berkitmekde we olaryň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagynda halkara raýdaşlygyň ähmiýeti nygtalýar, şeýle hem durnukly ulag ulgamynyň, sanly we energetika infrastrukturasynyň, söwdanyň we ekologiýanyň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenilýär.

«Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň hem-de ählumumy derejesinde hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerletmekde öňdebaryjy ornunyň nobatdaky tassyknamasy boldy.