Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň taryhy esaslary

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça KHR-a amala aşyran iş sapary hem-de onuň mertebeli myhman hökmünde ŞHG+ Sammitiniň mejlisine gatnaşmagy diňe bir ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çygryndaky möhüm waka bolman, eýsem, türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň aýratynlygy hökmünde iki halkyň we döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de özara düşünişmegiň taryhy ýolunyň dowamata eýediginiň hem tassyknamasy boldy.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky asyrlarboýy dowam eden özara ynanyşmak däbi häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda aýdyň beýanyny tapýar. Energetika pudagy hem muňa aýdyň mysaldyr. Bu ugurdaky gatnaşyklar iki ýurduň bilelikdäki oňyn tejribesiniň ýörelgelerine – aç-açanlyga, açyklyga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga daýanýar. Munuň aýdyň subutnamasy bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny bellemegi bolup durýar.

Bu Ylalaşygyň preambulasynda türkmen we hytaý halklarynyň arasynda baglaşylan «Kasamly şertnama» göni salgylanma getirilýär. Bubiziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýyl bilen senelenýän türkmenleriň ata-babalarynyň Hytaý bilen baglaşan resminamadyr. Resminamanyň «Kasamly şertnama» diýlip atlandyrylmagynyň özi iki halkyň arasyndaky gatnaşyklarynyň binýadynda goýlan ýörelgeleriň sarsmazlygyny we mukaddesligini görkezýär.

Täze taryhy döwürde Türkmenistanyň we Hytaýyň ýolbaşçylary baý taryhy binýada esaslanyp, hyzmatdaşlygyň ruhuny we ýörelgelerini täze mazmun bilen baýlaşdyrýarlar. Iki ýurt hem taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrüne aralaşýan hem-de asyrlarboýy dowam edip gelýän dost-doganlygyň, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň berk binýadyna esaslanyp dowam etdirilýän döwletara gatnaşyklaryň ýyldan-ýyla täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny belleýär.

Bu oňyn ösüşlerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýola goýlan ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklara kesgitleýji ornuň degişlidigi şübhesizdir. Soňky ýyllarda yzygiderli häsiýete eýe bolan ýokary we hökümet derejedäki özara saparlaryň dowamynda taraplar tebigy serişdeleriň baý goruna we ösen infrastruktura eýe bolan iki ýurduň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň wajypdygyny yzygiderli tassyklaýarlar.