Türkmenistanyň we Burkina Fasonyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

photo

2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Burkina Fasonyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegine garadylar. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri bellenildi. Köptaraplaýyn düzümleriň, hususan-da BMG-niň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary üstümizdäki ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.