Türkmenistan bilen Gonduras Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Gonduras Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki komýunike gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Gonduras Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Meri Elizabet Floresiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çägindäki özara gatnaşyklary öz içine almak bilen ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Gondurasyň hökümetlerini hem-den halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutladylar.