Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Sebit merkeziniň Merkezi Aziýadaky maksatnamalaryna we taslamalaryna gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 80-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň dowamynda halkara raýdaşlygyň we goldaw bermegiň belent maksatlaryna hem-de ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň halkara ynsanperwerlik işiniň ýokary ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.