Türkmenistan nebitgaz pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär

photo

2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Aşgabatda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen halkara derejeli duşuşyk boldy.

Duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi bellenildi. Şunda bu ugur boýunça dünýäniň iri kompaniýalary we işewür düzümler bilen ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik esasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň işiniň ilerledilmegi bilen bir hatarda, onuň önümçilik düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagynda-da aýratyn ähmiýete eýedir.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Halkara duşuşygyň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekildi.