Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

photo

2025-nji ýylyň 9-njy maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady we şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy.

“Wnukowo — 2” Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow “Prawda” we “Sowet Türkmenistany” gazetleriniň 1945-nji ýyldaky ýörite neşirleriniň nusgalary bilen tanyşdyryldy. Metbugat neşirleriniň bu taryhy sanlary döwlet Baştutanymyza sowgat berildi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Moskwa Kremline tarap ugrady. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Kremlden Türkmenistanyň Prezidenti beýleki belent mertebeli myhmanlar — baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Moskwa gelen GDA ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň wekiliýetleriniň Baştutanlary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberine bardy.

Moskwa Kremliniň Spask başnýasyndaky zaňlar ýaňlanandan soňra, sagat 10:00-da Gyzyl meýdanda dabaraly Ýeňiş ýörişi başlandy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin uruş weteranlaryna we dabara gatnaşýanlaryň ählisine gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol hemmeleri Beýik Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi.

Münberiň öňünden Russiýa Federasiýasynyň we beýleki ýurtlaryň goşunlarynyň wekilleri batly gadam urup geçýärler. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň batalýony hem bar.

Dabaraly ýöriş tamamlanandan soňra, şanly sene mynasybetli Moskwa gelen döwlet Baştutanlary, asylly däbe görä, Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna ugradylar we şol ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýdular.

Belent mertebeli myhmanlar matam sazynyň owazy astynda ýadygärlikler toplumyna barýarlar. Olaryň öňünden harby gullukçylar gül çemenlerini göterip barýarlar.

Bir minutlyk dymyşlyk yglan edilýär we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda tutuş adamzadyň parahat durmuşy we azatlygy ugrunda faşizme garşy göreşen gahrymanlary hatyralap, Baky oda gülleri goýdy.

Hormat garawulynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň goşun kysymlaryna wekilçilik eden düzümleriň esgerleri ýadygärlikler toplumynyň öňünden batly gadam urup geçýärler.

Soňra wekiliýetleriň Baştutanlarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow “Wnukowo — 2” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.