Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.
Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbek Lideriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna ugrady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Şawkat Mirziýoýew Islam Karimowyň aramgähine bardylar hem-de Özbegistanyň ajaýyp syýasy-döwlet işgärini hatyralap, gül desselerini goýdular. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk ýurduň Baştutany ýörite bellenen ýere bardylar. Ol ýerde musulman dessurlaryna laýyklykda, ymam mukaddes Gurhandan aýatlary okady.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde “Silk Road Samarkand” halkara merkezindäki “Baky şäheriň” syýahatçylyk meýdançasyna bardylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri özbek Lideri bilen bilelikde umumy meýdany 17 gektardan gowrak bolan ägirt uly toplumyň desgalary bilen tanyşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän gymmatlyklar, senetçilik, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň nusgalary, binagärlik desgalarynyň aýratynlyklary bilen tanşyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de özbek tarapynyň wekillerine gezelenjiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Dostlukly saparyň ikinji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Samarkant şäherindäki Kongres merkeziniň esasy girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany Özbegistanyň Baştutany mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy boldy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy, ykdysady we söwda ulgamlarynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýurtlarymyzyň bilelikde tagalla edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň Baştutany netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Soňra giňişleýin düzümdäki duşuşyk geçirildi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny Samarkantda mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistana dostlukly sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Goňşy döwletiň Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy golaýda Ýaponiýa amala aşyran üstünlikli sapary hem-de Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berilmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, munuň özi diňe bir Türkmenistana däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa hem hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna taýýarlyk görülýändigini nygtady.
Pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň, şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Goňşy ýurduň Lideri sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna şu gezekki saparynyň netijeleriniň ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň ilerledilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz doganlyk ýurduň Baştutanyny ýene-de bir gezek mübärekläp, Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy we mähirli kabul edendigi, myhmansöýerligi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Liderine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, şu gün ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyljakdygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwletara dialog ýokary derejede ösdürilýär. Bu işde iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary kesgitleýji orny eýeleýär.
Özara saparlaryň asylly däbi şu ýyl hem dowam etdirildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň şu ýylyň 5-nji maýynda “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategik dialogynyň ikinji sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda, 6-7-nji sentýabrda bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Daşkent şäherine barjakdygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderini şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek halkara foruma hem gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisini, üçünji sebitara forumy we milli haryt öndürijileriň sergisini guramagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.
Şunuň bilen bir hatarda, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň – söwda merkeziniň döredilmegi söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Onuň gurluşygy “Daşoguz – Şabat” barlag-geçiriş nokady sebitinde giň gerimde alnyp barylýar.
Himiýa senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem üns berilmäge mynasypdyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we özara gatnaşyklaryň ýokary derejededigini hem-de Türkmenistanyň bu pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, türkmen tarapynyň bar bolan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we täzelerini döretmek boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagy teklip edýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir.
Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewe myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglyk, üstünlik, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
Goňşy ýurduň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideriniň çykyşy, beýan eden teklipleri üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine Türkmenistan bilen giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassyklady.
Ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny – “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyza Özbegistana sapary amala aşyrandygy üçin hoşallyk bildirdi. Özbek Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen hormat-sarpa — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandygy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýan bu çäräniň taryhy ähmiýetini nygtady.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan Özbegistanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi we oňa berk jan saglyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, goňşy ýurduň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Soňra dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Liderini Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we dostlukly döwletiň Baştutany Kongres merkeziniň Hormatly myhmanlar seýilgähinde iki ýurduň doganlyk halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň we dostlugynyň pugtalandyrylmagynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdylar.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Lideri “EKSPO” sergiler merkeziniň binasyna baryp, bu ýerde “Wagtyň salgymlary” atly sergi bilen tanyşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gyzykly we çuň manyly gezelenç üçin minnetdarlyk bildirip, muzeýleriň hem-de şeýle sergileriň möhüm ornuny belledi.
Öz nobatynda, gezelenç mahalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýanynda bolan serginiň ýolbaşçylary belent mertebeli myhmana muzeýe gelip görendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Halkara howa menziline bardy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we özbek Lideri mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassykladylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.