Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 19-njy aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurdumyza sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Rizwan Han dünýäde köpmillionly tomaşaçysy bolan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň ýurdumyza gelen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli we myhmansöýerlik bilen kabul edendigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa hoşallyk bildirdi.
O.Atabaýewa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde Türkmenistanda üpjün edilen syýasy abadançylygyň, amala aşyrylýan oýlanyşykly ykdysady strategiýanyň ýurtda ähli ugurlar boýunça uly depginli ösüşleri gazanmaga, şol sanda hemaýat-goldawa mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek bermäge giň mümkinçilikleri döredýändigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer başlangyçlary esasynda 4 ýyl mundan ozal döredilip, Türkmenistanda hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşilýändigini aýdyň ýüze çykardy. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özüni türkmen jemgyýetiniň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.
Myhman Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň uly sogaplydygyny aýratyn nygtamak bilen, onuň işine ýokary baha berdi.
Munuň anyk mysaly hökmünde teleýaýlymyň işgärleri haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bilen öz tomaşaçylaryny has giňden tanyşdyrmak üçin gaznanyň wise-prezidentinden interwýu bermegini haýyş etdiler. Duşuşykdan soňra, O.Atabaýewa myhmanlaryň haýyşyna kanagatlanma bilen seslenip, dünýäniň meşhur “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusy ýakyn günlerde tomaşaçylara ýetiriler.