Aşgabatda Malaýziýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Hajy Mohamad bin Hajy Hasanyň ýolbaşçylygyndaky Malaýziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň, YHG-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklara we syýasy-diplomatik ugur boýunça amala aşyrylýan hyzmatdaşlyga hem garaldy.

Söhbetdeşler sebit we halkara gün tertibiniň birnäçe ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny nygtadylar.

Şeýle-de ministrler söwda-ykdysady, ylym, medeniýet we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.