Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy

2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy.

Pikir alyşmalaryň barşynda bellenilişi ýaly, netijeli türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde milli parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklara möhüm orun berilýär.

Häzirki zaman şertlerinde parlament diplomatiýasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan diplomatik işiň bu formatyny ilerletmäge uly üns berip, dünýäniň dürli döwletleri bilen parlamentara gatnaşyklary işjeň ösdürýär.

Duşuşygyň ahyrynda Arkadagymyz we Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Resmi saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen hem duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki hökümetara toparynyň işine, şeýle hem Türkmen-täjik işewürler geňeşine möhüm orun berilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Kohir Rasulzoda Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça mundan beýläk-de netijeli gatnaşyk etmegi göz öňünde tutýandyklaryny nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dostlukly halklaryň abadançylygynyň bähbidine geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Şol gün Hökümet kabulhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Duşenbe şäherinde geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şol duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan açyklyk, özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýynda geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Emomali Rahmon saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň hem-de gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Arkadagymyz Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline bardy we Watanymyza ugrady.