Türkmenistan we Awstriýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmegi maksat edinýärler

2024-nji ýylyň 11-12-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Awstriýa iş sapary amala aşyryldy.

Saparyň çäklerinde Federal Prezidentiň ofisiniň, Ýewropa we daşary işler ministrliginiň, Zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň, Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda  syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG  we ÝHHG-de hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajyplygy bellenildi. Taraplar halkara düzümlere saýlawlar geçirilinde ozal bar bolan tejribä eýerip birek-biregiň agzalygyny goldamaga ygrarlylygyny beýan etdiler.

Bilim we talyplaryň alyş-çalyş edilmegi boýunça hyzmatdaşlyk hakynda türkmen wekiliýetiniň Graz Tehniki uniwersitetinde we Wenanyň diplomatik akademiýasynda geçiren duşuşyklarynyň dowamynda maslahatlaşyldy.

Saparyň maksatnamasyna Awstriýanyň 25 öňdebaryjy kompaniýalarynyň  wekilçiliklerinden ybarat bolan işewürler düzüminiň agzalary bilen “tegelek stol” duşuşygy hem girizildi. Onuň barşynda awstriýanyň işewürleri Türkmenistanda maýa goýum üçin döredilen şertler we söwda işini alyp barmagyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Awstriýanyň işewürleri bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlary hökmünde energetika, ulag, oba-hojalygy, sanlylaşdyrmak, ýaşyl ykdysadyýet we beýleki ugurlary kesgitlediler.

Saparyň barşynda Wena şäherinde ýerleşýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şol sanda, ÝHHG-nyň Baş sekretary, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň ýerine ýetiriji direktory, UNIDO-nyň Baş direktory we AEHA-nyň Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň  barşynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň, hyzmatdaşlygy berkitmegiň we olaryň täze ugurlaryny kesgitlemegiň meseleleriniň giň toplumyna seredilip geçildi.

 

Duşuşygyň jemleri boýunça 3 halkara resminamalara gol çekildi:

- 2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň we Awstriýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça maksatnama;

- Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş Guramasynyň (UNIDO) arasynda esasy standart hyzmatdaşlyk ylalaşygy;

- Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti  bilen Graz Tehniki Uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama.