Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Pithambaran Nairyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we energetika hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meselelere seredip geçdiler.

Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer pudagynda özara gatnaşyklara üns berildi. Hususan-da, ylym, medeniýet we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport, şeýle hem häzirki zaman maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi.

Hindistanyň Ilçisi hem öz gezeginde Daşary işler ministrligine Türkmenistandaky diplomatik işini durmuşa geçirmekde giňişleýin ýardam we goldaw berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.