Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, institutyň professor – mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dabarada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý. Keriýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara  gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça zerur bolan işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldawlar berilýär.

Şeýle-de, çykyşlarda Döwlet Baştutanynyň ýaşlaryň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerine hem-de ýeten sepgitlerine bagyşlanan eseri şu günki we geljekki türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin ýankitaba öwrüljekdigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, esasy üns «Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin strategiýasyna» çekilip, onuň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşlara dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga mümkinçilik döredilendigi barada aýdyldy.

Soňra, tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar 2023-nji ýylda talyplaryň bilimde, ylymda, sportda we beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerini görkezýän sergi bilen tanyşdylar.