Türkmenistan we Azerbaýjan hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň ugrunda

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy.  

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösüşiniň depginli häsiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki duşuşyklaryň we söhbetdeşlikleriň syýasy-diplomatik gepleşikleri güýçlendirmekde aýratyn orny bellendi.

Ministrler şu gün Aşgabatda geçirilen Ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Bilelikdäki Hökümetara toparynyň 7-nji mejlisiniň ähmiýetini nygtadylar, onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde söwda dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlanýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini gözlemegiň zerurlygy we taraplaryň söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin geljekki ädimleri etmäge taýýardyklary beýan edildi.

Gepleşikleriň dowamynda ýangyç- energetika pudagyndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Hususan-da, Azerbaýjana iberilýän gaz üpjünçiliginiň häzirki ýagdaýy we olaryň geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Şol bir wagtyň özünde türkmen elektroenergiýasyny Azerbaýjana ibermegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag - tranzit beketlerini döretmek nukdaýnazaryndan dürli ulag görnüşleri arkaly yzygiderli ýük dolanşygynyň köpelýändigi bellenildi. Şunda deňiz portlarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň zerurlygy nygtaldy.

Şeýle hem aragatnaşyk we kommunikasiýa pudagynda geljegi uly ugurlar hem göz öňünde tutulýar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm baglanyşyk hökmünde görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki dabaralary geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Taraplar ruhy, medeni we taryhy däp-dessurlaryň we gymmatlyklaryň umumylygy köp ugurlarda gatnaşyklaryň ösmegine esas döredýär diýen bir bitewi pikirde boldular.